Türkmenistanda 21 ýaşyna ýetmediklere temmäki önümleriniň satylmagy gadagan edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 21 ýaşyna ýetmediklere temmäki önümleriniň satylmagy gadagan edildi
Türkmenistanda şeýle hem temmäki önümlerine we senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň, şeýle-de alkagol önümlerine goşmaça töleg salgydy ýokarlandyryldy.

“Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara görä, 21 ýaşyna ýetmediklere temmäki önümleriniň satylmagy gadagan edildi. Ozal temmäki önümlerini kämillik ýaşyna (18) ýetmediklere satmak gadagandy.

Degişli üýtgetmeler we goşmaçalar şu ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda goşuldy. Bu kanun Türkmenistanyň resmi metbugatynda çarşenbe güni çap edildi.

Temmäki önümlerine we alkogol önümlerine goşmaça tölegleriň möçberleri ýokarlandyryldy

Türkmenistanda şeýle hem temmäki önümlerine we senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň, şeýle-de alkagol önümlerine goşmaça töleg salgydy ýokarlandyryldy.

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda çap edildi. Degişli Kanuna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 20-nji noýabrynda gol çekdi.

Üýtgetmelere görä, temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegleriň gümrük bahasynyň 116 göterime we her gap üçin 5 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Temmäki önümler üçin ozalky goşmaça töleg gümrük bahasynyň 93 göterimi we her gap üçin 4 ABŞ dollary möçberinde hasaplanýardy.

Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we senagat temmäki çalşyryjylarynyň goşmaça tölegi 19,5 göterimden 24,4 göterime çenli ýokarlandy.

Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän “Piwo” üçin goşmaça tölegleriň möçberleri onuň gümrük bahasynyň 92 göterimine, ýa-da 1 litri üçin azyndan 9 manada çenli ýokarlandyryldy. Düzüminde 20 göterim we şoňa çenli möçberde alkogol bolan import edilýän üzüm çakyrlarynyň we alkogolly içgileriniň goşmaça tölegleri onuň gümrük bahasynyň 168 göterimine, ýa-da 1 litri üçin azyndan 39 manada çenli ýokarlandyryldy. Düzüminde 20 göterimden ýokary möçberde alkogol bolan import edilýän üzüm çakyrlarynyň we alkogolly içgileriniň goşmaça tölegleri onuň gümrük bahasynyň 168 göterimine, ýa-da 1 litri üçin azyndan 61 manada çenli ýokarlandyryldy.

Türkmenistanda öndürilýän “Piwo” üçin goşmaça tölegiň möçberi onuň bahasynyň 30 göterimine çenli ýokarlandyryldy. Şeýle hem ýurtda öndürilýän tebigy üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde alkogol bolan çakyr serişdeleriniň goşmaça töleginiň möçberi olaryň düzümindäki alkogol derejesine baglylykda 20 göterim we şoňa çenli alkogolly içgiler üçin onuň bahasynyň 39 göterimine, 20-den-30 göterime çenli alkogolly içgiler üçin onuň bahasynyň 61 göterimine hem-de 30 göterimden ýokary alkogolly içgiler üçin bahasynyň 77 göterimine çenli ýokarlandyryldy.

Bu kanunlar resmi metbugatda çap edilen gününden güýje girdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022