BMG Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Kararnamasyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Kararnamasyny kabul etdi
Türkmenistan tarapyndan hödürlenen kararnamanyň taslamasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisiniň dowamynda seredildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy sişenbe güni Türkmenistan tarapyndan hödürlenen "2023-nji ýyl-Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly" atly Kararnamanyň taslamasyny kabul etdi.

Gün tertibiniň "Parahatçylyk medeniýeti" atly 14-nji bölümine laýyklykda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen kararnamanyň taslamasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisiniň dowamynda seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu karar ara alyp maslahatlaşmadan soň ylalaşyk esasynda kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşy bolup guramanyň 68 agza-döwleti çykyş etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu resminamada BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlary we ýörelgeleri, ilkinji nobatda jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek borjy we geljekki nesilleri uruş howpundan halas etmek tutanýerliligi görkezilýär. Kararnamanyň taslamasy, öz içine birnäçe meseleleri alýan gepleşikleriň dürli görnüşleriniň agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Türkmen wekiliýeti kararnamanyň taslamasy bilen tanyşdyryp, şu ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanda “Dialog parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň geçirilýändigini aýtdy.

Bu halkara maslahatyň dowamynda kararnamanyň taslamasynda nygtalyp geçilen mowzuklar boýunça giňişleýin pikir alyşmak üçin platforma bolar hem-de 2023-nji ýylda Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň hatyrasyna ählumumy kompaniýasynyň goýberilmegine esas bolup hyzmat eder diýlip garaşylýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti ähli agza ýurtlary we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň edaralaryny ýakyn wagtda geçiriljek foruma işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

2022