Serdar Berdimuhamedow Türkiýä saparynda türkmen gazynyň eksportyny maslahatlaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Türkiýä saparynda türkmen gazynyň eksportyny maslahatlaşar
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň türkmen gazyny Ýewropa ibermekde wajyp merkez bolup hyzmat etjekdigini aýtdy. (Surat: AA)

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň başynda Türkiýe sapar etjekdigini aýdyp, onuň çäginde türkmen tebigy gazyny Ýewropa eksport etmek meselesinde oňyn çözgütleriň gazanyljakdygyna umyt edýändigini belledi. Bu barada türk Lideriniň penşenbe güni Türkmenistana eden saparynyň netijeleri boýunça habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde aýdanlaryna salgylanyp, “Anadolu” agentligi habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan çarşenbe güni Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitine gatnaşdy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýtmagyna görä, Türkiýe türkmen gazyny Ýewropa ibermekde wajyp merkez bolup hyzmat eder. Şeýle hem rus we türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa iberilmegi energiýa ulgamynda möhüm ädim bolar.

Rejep Taýyp Ärdogan Baku bilen Aşgabadyň häzirki wagtda Hazar deňiziniň üsti bilen türkmen gazyny eksport etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýandyklaryny mälim etdi. Şeýle hem türk Lideri Awazada geçirilen sammitde bu meseläni maslahatlaşmak üçin üç ýurdyň energiýa ugurly edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny guramagyň ylalaşylandygyny aýtdy.

Türkiýäniň Prezidenti ýurduň energetika ministrine bir aýyň dowamynda azerbaýjan we türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirip, bu ugurda netije gazanmagy tabşyrandygyny aýtdy we bu kararlaryň netijesine esaslanyp, bu meseläniň ýene bir gezek üç ýurt Baştutanlarynyň arasynda ara alyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä sapar bilen geljekdigini we saparyň dowamynda türkmen kärdeşi bilen bu meseläni içgin maslahatlaşyp, ol boýunça oňyn netijeler gazanylmagyna umyt edýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan “Şahdeniz” ýatagyndan Türkiýä azerbaýjan gazyny daşaýan Trans-Anadoly tebigy gaz geçirijisiniň (TANAP) taslama kuwwaty bolan 32 milliard kub metre ýetendigini mälim etdi. Mundan başga-da, Rejep Taýyp Ärdogan Gresiýanyň üsti bilen Türkiýeden Ýewropa gaz daşaýan Transadriatik gaz geçirijisiniň (TAP) hem 6 milliard kubmetr çäginiň bardygyny belledi.

Türk Lideri şunuň bilen baglylykda kärdeşleriniň täze turbageçirijiniň gurulmagynyň mümkinçiliginiň üstünde işlejekdiklerini aýtdy.

Üç ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň netijeleri boýunça geçirlen metbugat ýygnagynda Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň türkmen gazyny beýleki ýurtlaryň bazarlaryna ibermek meselesi boýunça iş toparyny döretjekdiklerini mälim etdi.

2022