TDHÇMB-da sişenbe güni dizel ýangyjy we portlandsement satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni dizel ýangyjy we portlandsement satyldy
Owganystandan we BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 9 million 162 müň 945 ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň 9 müň 900 tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we portlandsemendi satmak boýunça 5 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 9 million 518 müň 625 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystandan we BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 9 million 162 müň 945 ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň 9 müň 900 tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 925,55 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Owganystanly işewür daşary ýurt puluna bir tonnasynyň bahasy 36 ABŞ dollaryna deň bolan portlandsemendiň 9 müň 880 tonnasyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 355 müň 680 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 33 million 727 müň 363 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022