Türkmenistanyň möhüm baýramlarynyň biri bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde täze ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenbaşy şäherinde köp gatly 5 sany ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasy geçirildi. Jaýlaryň her biri ýerleşdirilişi gowulandyrylan iki, üç we dört otagly öýleriň 60-syny özünde jemleýär. Öýlerde mebeller ornaşdyrylyp, döwrebap aşhanalar we amatly howa gurşawyny döredýän ulgamlar bilen üpjün edilendir. Olaryň abadanlaşdyrylan çäklerinde çagalar we sport meýdançalary bar.
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde 71 gektar ýerde ýaşaýyş toplumy açyldy. Onuň düzümine 1496 hojalyga niýetlenen 70 sany dört gatly jaýlar, 600 orunlyk mekdep we 240 orunlyk hem çagalar bagy, saglyk we söwda merkezleri girdi. Öýler ähli zerurlyklar bilen üpjün edilip, abadanlaşdyrylan çäkde oýun meýdançalary, ýaşyl zolaklar we awtoulag goýulýan ýerler bar.
Desgalary döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde Daşoguz şäherinde şeýle hem “KAMAZ” awtoulaglaryny abatlamak boýunça okuw we hyzmat merkezi açyldy. Merkez edara ediş binasyny, abatlaýyş bölümini, ätiýaçlyk şaýlaryň ammaryny özünde jemleýär. Munuň özi ýurduň howa şertlerine uýgunlaşan ýük awtoulaglaryna dessin hyzmat etmäge mümkinçilik döredýär.
Täze desgalaryň açylmagy ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga we durmuş düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň möhüm bölegi boldy.
Çärelere gatnaşyjylar milli başlangyçlary goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, döwlet maksatnamalaryň durmuşa geçirilişinde üstünlikleri arzuw etdiler.