“Garagum” kompaniýasy spanbond, meltblown we spanmelt dokalmadyk matalaryny eksport edýär

BIZNES TURKMENISTAN
“Garagum” kompaniýasy spanbond, meltblown we spanmelt dokalmadyk matalaryny eksport edýär
“Garagum Nonwoven” Merkezi Aziýada ýeke-täk meltblown öndürijisi bolup çykyş edýär.

Türkmenistanda dokalmadyk matalary öndürýän “Garagum” hojalyk jemgyýeti önümlerini gündogar Ýewropa we GDA ýurtlaryna eksportyny ýola goýdy.

Aşgabat şäheriniň Ruhabat ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Garagum” hojalyk jemgyýeti 1992-nji ýylda hasaba alnyp, ol ýurdumyzyň çägindäki iň irki kärhanalaryň biridir. Kompaniýanyň “Garagum Nonwoven” ady bilen tanalýan dokalmadyk matalary öndürýän önümçilik bölümi 2020-nji ýylda işe girizildi.

Ýerli çig mallardan öndürilýän bu dokalmadyk matalar spanbond, meltblown we spanmelt kompozitleri bolup durýar. Kärhana Merkezi Aziýada ýeke-täk meltblown öndürijisi bolup çykyş edýär.

Kärhananyň menejeriniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, “Garagum Nonwoven” öz öndüren materiallaryndan bir gezek ulanylýan önümleri, ýagny, üç we köp gatly agyz-burun örtüklerini, baş gaplaryny, halatlary, kambinezonlary we düşek örtükleriniň hem önümçiligini amala aşyrýar.

“Garagum Nonwoven”-da dokalmadyk matalara müşderileriň isleýän dizaýnlaryny çap etmek üçin döwrebap fleksografiki we rotograwýura çap ediji enjamlary ornaşdyryldy. Önümçilik sehinde gurnalan dokalmadyk matalary laminirleýän enjam bolsa Merkezi Aziýada “Garagum Nonwoven” tarapyndan ilkinji bolup ulanylmaga başlandy. “Garagum Nonwoven”-iň düzüminde 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär.

Dokalmadyk matalaryň halkara bazarynda öz ornuny berkitmek isleýän “Garagum Nonwoven” ýakynda EDANA dokalmadyk mata öndürijileriň halkara guramasynyň agzalygyna girdi. Şeýle hem sentýabr aýynda Özbegistanda geçirilen Plastex-2022 halkara plastmassa we polimer sergisinde daşary ýurtly işewürlerini öz önümleri bilen tanyşdyrdy.

Häzirki wagtda kompaniýa eko-torbalaryň eksporty üçin birnäçe taslamalaryň üstünde işleýär. Dürli görnüşli bu eko-torbalara içerki bazarda hem uly isleg bildirilýär.

Kärhananyň önümleri barada giňişleýin maglumat almak üçin:

Tel: +99363680929

Email: marketing@garagum.com

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022