Özbegistan türkmen tebigy gazyndan öndürilen elektrik energiýasyny Gyrgyzystana iberdi diýip, Özbegistanyň Energetika ministrliginiň we Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrliginiň çarşenbe güni beren bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.
Beýanata görä, 2021-nji ýylyň 11-nji martyndaky teswirnama laýyklykda özara elektrik üpjünçiligi taraplaryň tassyklan meýilnamalary boýunça amala aşyrylýar.
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýada suwuň derejesiniň pesligini göz öňünde tutulyp, Togtagül suw howdanynyň ätiýaçlyk gorlarynyň azalmagynyň öňüni almak maksady bilen taraplaryň ykdysady guramalarynyň ylalaşyklary boýunça Gyrgyzystana türkmen gazyndan öndürilen elektrik energiýasy iberildi. Togtagül suw howdanynyň ätiýaçlyk gorlary Syrderýadan alynýar.
Şol bir wagtyň özünde, şertnamalaýyn ylalaşyklara laýyklykda Özbegistanyň energiýa ulgamy arkaly Türkmenistandan Gyrgyzystana elektrik energiýasy geçirilýär diýip, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ministrlikleriniň beren bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.
Şeýle hem beýanatda ýurtlaryň ykdysady guramalarynyň 2023-nji ýylda türkmen elektrik energiýasynyň üstaşyr geçirilmegini üpjün etjek şertnamalara gol çekilendigi habar berilýär.
Türkmenistan Gyrgyzystana 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri elektrik energiýasyny eksport edýär. Gyrgyzystana 2023-nji ýylda Özbegistanyň üsti bilen 2 milliard kilowat sagat türkmen elektrik energiýasynyň ugradylmagyna garaşylýar.