Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 35,58% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 35,58% ýokarlandy
Bandar-e Anzali porty, Eýran (Surat: PMO)

Eýranyň Türkmenistana eksporty häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji sekiz aýynda (21-nji martdan 21-nji noýabra çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,58% ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Iranian Mehr” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Şu ýylyň sekiz aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 311,82 million ABŞ dollaryna barabar boldy we 924,553 tonna ýetdi.

Eýranyň Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri bilen şu ýylyň sekiz aýynda umumy söwda dolanyşygy 2,49 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 4,62 million tonna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,47 göterim artdy.

Bu döwürde Russiýa Hazar deňziniň kenarýaka döwletleriniň arasynda Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşy boldy. Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşyk 1,48 milliard ABŞ dollaryna (8,36 göterim ýokarlandy) deň bolup, 2,63 million tonna ýetdi.

2022-nji ýylyň birinji sekiz aýynda Eýranyň Hazaryň kenarýaka döwletlerine eksporty 29,44 göterim artyp, 1,33 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022