GDA agza ýurtlar bilen Russiýanyň arasyndaky söwda $81,5 milliarda ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA agza ýurtlar bilen Russiýanyň arasyndaky söwda $81,5 milliarda ýetdi
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu ýylyň ahyryna çenli söwda dolanyşygyň 100 milliard ABŞ dollaryna ýetjekdigine esas bar diýip belledi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) agza ýurtlary bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşyk 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 6,6 göterim ýokarlanyp, 81,5 ,milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni Sankt-Peterburgda geçirilen GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň dowamynda aýtdy.

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň asylly däbe öwrülen resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi.

“Geçip barýan ýylda biziň döwletlerimiziň köpugurly hyzmatdaşlygy, umuman, üstünlikli ösdürildi. Muny GDA-nyň ähli ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi hem tassyklaýar” diýip, Russiýanyň Prezidenti aýtdy we şu ýylyň ahyryna çenli söwda dolanyşygyň 100 milliard ABŞ dollaryna ýetjekdigine esas bar diýip belledi.

Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti GDA-nyň 2022-nji ýyl boýunça işleriniň netijelerini jemlemegi, geljekdäki meýilnamalar barada gürleşmegi we sebit we halkara gün tertibinde ähli ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň gyzyklanma bildirýän meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň mundan ozalky resmi däl sammiti oktýabr aýynda geçirildi.

2022