Gurtlyda 3064 maşgala üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurtlyda 3064 maşgala üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary açyldy
Gurtly ýaşaýyş toplumynda geçirilen açylyş dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Aşgabadyň günbatar künjeginde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumynda çarşenbe güni 3064 maşgala üçin niýetlenen dört gatly 62 sany ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýan täze jemgyýetçilik binalarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Gurtly ýaşaýyş toplumynda geçirilen açylyş dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Umumy meýdany 90 gektar ýerde bina edilen bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan guruldy.

Täze ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da Gurtly ýaşaýyş toplumynda bazar, “Abadançylyk” söwda-dynç alyş merkezi, 320 orunlyk umumybilim berýän mekdep, çagalar bagy we beýleki desgalar açylyp ulanylmaga berildi.

Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabadyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, şäher ilatynyň amatly durmuşyny üpjün etmek üçin degişli inženerçilik ulgamy döredildi.

Paýtagtymyzyň günbataryndaky döwrebap binalar toplumynyň düýbi tutulmagy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022