Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy haýsy ýagdaýlarda ýatyrylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy haýsy ýagdaýlarda ýatyrylýar?
Aşgabat, Türkmenistan

Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy fiziki şahsyň auditor hökmünde hünär taýdan ukyplylygyny tassyklaýan resminama bolup durýar. "Auditorçylyk işi hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy we auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasy şu ýagdaýlarda ýatyrylýar:

1) olaryň şübheli resminamalaryň ulanylmagy bilen alnan ýagdaýy kesgitlenilende;

2) kesgitlenilen möhletiň dowamynda hünär işi bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edýän temmini göz öňünde tutýan kazyýetiň çözgüdi kanuny güýjüne girende;

3) auditor tarapyndan şu Kanunyň talaplary we auditiň milli standartlary bozulanda;

4) auditor tarapyndan Auditoryň hünärmençilik edebiniň kadalary birnäçe gezek bozulanda;

5) eger-de auditor tarapyndan soňra bellenilen tertipde görnetin ýalan diýlip ykrar edilen auditor netijenamasyna gol çekilen bolsa;

6) auditor ýa-da auditorçylyk guramasy işiň hiline daşarky gözegçiligi geçmekden boýun gaçyranlarynda;

7) eger auditor hünär derejeli şahadatnamasyny alan pursatyndan iki ýylyň dowamynda auditorçylyk işini amala aşyrmadyk bolsa.

Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny, auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasyny ýatyrmak baradaky çözgüt Topar tarapyndan kabul edilýär.

Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy ýatyrylan auditor, gaýtadan hünär synagyndan geçmek üçin onuň ýatyrylan pursatyndan başlap azyndan üç ýyldan soň Topara ýüz tutup biler.

Çeşme: "Auditorçylyk işi hakynda" Türkmenistanyň Kanuny

2022