Türkiýe gaz merkezi taslamasy boýunça işe başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe gaz merkezi taslamasy boýunça işe başlady
Fatih Dönmez türk tarapynyň eýýäm bu ugur boýunça anyk işe başlandygyny we wagtyň geçmegi bilen Ýewropa ýurtlarynyň bu taslama bolan gyzyklanmasynyň artyp biljekdigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Türkiýe Russiýa tarapyndan teklip edilen gaz merkezi taslamasy boýunça işe başlady. Deslapky taýýarlyk şertleri bir ýyl bolup, häzirki wagtda infrastruktura baha bermek işleri dowam etdirilýär. Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmeziň "TVnet" habarlar gullugyna beren interwýusynda aýdanlaryna salgylanyp, RIA agentligi duşenbe güni habar berdi.

“Biziň bu taslamadan peýdalanmak maksadymyz bolup, munuň üçin mümkinçilikler we terminallar bar” diýip, Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri belledi.

Fatih Dönmez türk tarapynyň eýýäm bu ugur boýunça anyk işe başlandygyny we wagtyň geçmegi bilen Ýewropa ýurtlarynyň bu taslama bolan gyzyklanmasynyň artyp biljekdigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri interwýunyň dowamynda gaz merkeziň üsti bilen satyljak tebigy gazyň bahasynyň Türkiýe tarapyndan kesgitlenmejekdigini we täze dörediljek merkeziň söwda bazary ýaly hereket etjekdigini aýtdy.

Türkiýäniň Prezidenti geçen aý ýurduň energetika ministrine bir aýyň dowamynda türkmen tebigy gazyny Ýewropa eksport etmek boýunça netije gazanmagy tabşyrandygyny aýtdy. Şeýle hem türk Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanwar aýynda Türkiýä etjek saparynyň dowamynda bu mesele boýunça oňyn çözgütleriň gazanyljakdygyna umyt edýändigini belledi.

2022