Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe we penşenbe günleri geçiren söwdalarynda ýüplük we nebit koksyny satmak boýunça 21 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 2 million 52 müň 50 ABŞ dollaryna we 22 million 708 müň 750 manada barabar boldy.
Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurt puluna Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen ýüplügiň 819 müň kilogramyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Şeýle hem Türkiýeden gelen telekeçiler manat serişdesine umumy bahasy 11 million 508 müň 750 manada deň bolan ýüplügiň 441 müň kilogramyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri jemi bahasy 11 million 200 müň manada deň bolan jemleýji nebit koksynyň 1 müň tonnasyny satyn aldylar. Jemleýji nebit koksynyň bir tonnasynyň bahasy 11 müň 200 manada deň boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.