Arkadag şäheriniň Baş metjidini “Altyn” hojalyk jemgyýeti gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäheriniň Baş metjidini “Altyn” hojalyk jemgyýeti gurar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bina ediljek metjidiň ýanynda okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljagyny aýtdy.

Arkadag şäherinde ýerleşýän baş metjidi gurmak boýunça geçirilen bäsleşikde “Altyn” hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini we Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew Gurbanguly Berdimuhamedowa metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işlere degişli maglumatlardyr görkezijiler barada habar berdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary we çyzgylary synlap, bu ýerde okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljagyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna ýaşulular we hünärmenler bilen maslahatlaşyp, sähetli gün badalga bermek hem-de şu mynasybetli toý sadakasynyň geçirilmegi babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparynyň ahyrynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup durýandygyny aýtdy we Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygynyň ýolbaşçylaryna giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022