Aşgabatda türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirilýär
Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda 19-20-nji ýanwar aralygynda türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň düzüminde Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, dostlukly ýurduň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Russiýanyň Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralaryň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary Türkmenistana geldiler.

Türkmen tarapyndan birnäçe wise-premýerler, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary foruma gatnaşýarlar.

Günüň birinji ýarymynda “tegelek stoluň” başynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň barşynda senagat kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ulag-logistika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýollary barada pikir alşyldy.

Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary Işler Ministri Raşid Meredow, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Türkmenistanyň we Russiýanyň Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, işewürlik foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin russiýaly hyzmatdaşlara hoşallygyny beýan etdi.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin öz gezeginde türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de ol şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigini, köp sanly geljegi uly taslamalara ýol açjakdygyny nygtady.

Şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Işewürlik maslahatyň dowamynda ulag-logistika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer,ylym-bilim, gurluşyk önümçiligi ýaly birnäçe ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň Türkmenistana sapary dowam edýär.

2022