Türkiýede Stambul gaz sammiti geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýede Stambul gaz sammiti geçiriler
Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez

Stambulda 14-15-nji fewral aralygynda Ýakyn Gündogaryň, Ortaýer we Hazar sebitleriniň gaz öndüriji ýurtlarynyň we Ýewropanyň gaz sarp ediji döwletleriniň gatnaşmagynda Stambul gaz sammiti geçiriler. Bu barada Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmeziň aýdanlaryna salgylanyp, “Anadolu” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýe Omandan ýylda 1,4 milliard kub metr gaz satyn almak üçin 10 ýyllyk şertnama baglaşmaga taýýarlanýar.

Fatih Dönmez Türkiýäniň ýurdy halkara gaz merkezine öwürmegi maksat edinýän "energiýa diplomatiýasy" ýörelgelerine laýyklykda hereket edýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Ankara Bolgariýa bilen birlikde Demirgazyk Makedoniýa, Rumyniýa we Moldowa gaz ibermek meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkiýäniň Russiýa tarapyndan teklip edilen gaz merkezi taslamasy boýunça işe başlandygyny mälim etdi.

2022