Türkmen-gyrgyz söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 117,1% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-gyrgyz söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 117,1% ýokarlandy
Geçen ýylyň dowamynda Gyrgyzystan 77,4 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan türkmen önümlerini import etdi.

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 82,16 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 117,1 göterim ýokarlandy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti sişenbe güni çap eden hasabatynda mälim etdi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 37,84 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy.

Geçen ýylyň dowamynda Gyrgyzystan 77,4 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan türkmen önümlerini import edip, bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 136,2 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň Türkmenistana eksporty 4,73 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6,5 göterim artdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda Gyrgyzystana esasy eksport edilen türkmen önümleriniň hatarynda nebit we gök önümleri hem-de elektrik energiýasy bardyr.

Gyrgyzystanyň 2022-nji ýylda umumy daşary söwda dolanyşygy 11,81 milliard ABŞ dollaryndan geçdi we bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 41,8 göterim ýokarlandy.

 

2022