ÝTÖB Merkezi Aziýada ykdysady ösüşiň ýokary boljakdygyny çaklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB Merkezi Aziýada ykdysady ösüşiň ýokary boljakdygyny çaklaýar
ÝTÖB iş alyp barýan ähli sebitlerinde önümçiligiň 2023-nji ýylda 2,1 göterim ýokarlanmagyna garaşýar.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň 4,9 göterim, 2024-nji ýylda bolsa 5,4 göterim ösmegini çaklaýar. Bu çaklama ÝTÖB-iň iş alyp barýan sebitleriniň arasynda iň ýokary derejedir. Bu barada ÝTÖB-iň penşenbe güni neşir edilen sebitleýin ykdysady mümkinçilikleri baradaky hasabatynda aýdylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Mongoliýada, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda ortaça ykdysady ösüş ÝTÖB-iň iş alyp barýan 36 ýurdy üçin umumy ösüş çaklamasyndan iki esse köp bolar. Bank iş alyp barýan ähli sebitlerinde önümçiligiň 2023-nji ýylda 2,1 göterim, 2024-nji ýylda 3,3 göterim ýokarlanmagyna garaşýar.

Jemi içerki önümiň iň uly ösüş depgininiň Täjigistanda (2023-2024-nji ýyllarda 8 göterim), Gyrgyzystanda (2023-nji ýylda 7 göterim, 2024-nji ýylda 7,2 göterim), Mongoliýada (2023-nji ýylda 7 göterim, 2024-nji ýylda 7,5 göterim), Türkmenistanda we Özbegistanda (2023-nji ýylda 6,5 göterim, 2024-nji ýylda 7 göterim) bolmagyna garaşylýar.

ÝTÖB sebit boýunça ösüş görkezijileriniň belli bir derejede ýokarlanmagynyň sebäbi hökmünde çig mal eksport edýän ýurtlarda nebitiň we gazyň bahasynyň ýokarlanmagyny, işçi güýjüniň, maýa we pul serişdeleriniň köpelmegini, şeýle hem araçy söwdanyň göwrüminiň artmagyny görkezdi.

Merkezi Aziýada önümçiligiň ösüşi 2024-nji ýylda meýilleşdirilen infrastruktura maýa goýumlary, ýokary haryt bahalary we rus kärhanalarynyň göçürilmegi netijesinde 5,4 göterime ýeter diýlip garaşylýar.

2022