Türkmenistanda BSG-a doly hukukly agza hökmünde goşulmak üçin teklipler taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda BSG-a doly hukukly agza hökmünde goşulmak üçin teklipler taýýarlanylýar
Şeýle hem BSG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni sanly ulgam arkaly arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça birnäçe teklipleriň taýýarlanylandygyny habar berdi.

Şeýle hem BSG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, bu gurama doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri degişli düzüm birligini açmagy, BSG boýunça Türkmenistanyň ýörite wekilini bellemek meselelerini öwrenmegi, öňümizdäki aýda ýurdumyzyň wekiliýetini hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewa (Şweýsariýa Konfederasiýasy) şäherine gulluk iş saparyna ibermegi teklip etdi.

Şeýle-de Raşid Meredow 13-nji fewralda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen geçirilen duşuşyk barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygynda anna güni Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar Hökümet toparynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň jemlerine hem-de 2023-nji ýylyň möhüm başlangyçlaryna garadylar.

Türkmenistanyň BSG-a girmek baradaky resmi arzasy 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrnda kabul edildi. Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesi berildi.

2022