Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. (Surat: Wam.ae)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministrini Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyz garşylady.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi we Döwlet Baştutanymyza, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýokary wezipeli wekilini Aşgabatda görýändigine şatdygyny aýdyp, BAE-niň ýolbaşçylaryna öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň ägirt uly mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini nazara almak bilen, dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekiliniň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça giň möçberli taslamalaryň işlenip taýýarlanylýandygy, şunda bu ugurda baý tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BAE-niň belli kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar. Ol BAE-niň çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygy ýola goýmagyň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi portlary dolandyrmak we logistik hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalar üçin bähbitli taslama bolup biler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berip, maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, bank-maliýe ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, mähirli hoşlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022