“Uly höwes” her aý 80-100 tonna pomidor Russiýa eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Uly höwes” her aý 80-100 tonna pomidor Russiýa eksport edýär
Häzirki wagtda “Uly höwes” kompaniýasynyň ýyladyşhanasynda “altess” görnüşli pomidorlar ýetişdirilýär.

“Uly höwes” hojalyk jemgyýeti her aý öz ýyladyşhanasynda ýetişdirilýän pomidorlaryň 80-100 tonnasyny Russiýa eksport edýär. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

“Uly höwes” kompaniýasynyň ýyladyşhanasy Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çäginde döwlet tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen 3 gektar ýer böleginde ýerleşip, ol ýerde 40-a golaý hünärmen zähmet çekýär.

Ýyladyşhana Ýewropa döwletleriniň iň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, häzirki wagtda bu ýerde giňden ýaýran “altess” görnüşli pomidorlar ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada degişli işleriň agramly bölegini awtomatik usulda amala aşyrylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Türkmenistan 2022-nji ýylda daşary ýurtlara 104 müň tonna pomidor eksport etdi. Türkmenistan geçen ýyl Russiýa pomidor eksporty boýunça ilkinji dörtlige girmegi hem başardy. Şeýle-de Türkmenistan 2022-nji ýylda Täjigistany pomidor bilen üpjün ediji esasy ýurt boldy.

2022