Türkmenistan 2022-nji ýylda 104 müň tonna pomidor eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 2022-nji ýylda 104 müň tonna pomidor eksport etdi
Türkmenistanda ýyladyşhana gök önümlerini, şol sanda pomidorlary ösdürip ýetişdirmek üçin 712 gektar meýdan bölünip berildi.

Türkmenistan 2022-nji ýylda daşary ýurtlara 104 müň tonna pomidor eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan geçen ýyl Russiýa pomidor eksporty boýunça ilkinji dörtlige girmegi başardy. Şeýle hem Türkmenistan 2022-nji ýylda Täjigistany pomidor bilen üpjün ediji esasy ýurt boldy.

Iň amatly temperaturany, ýagtylygy, çyglylygy saklamak, şeýle-de ýokumly maddalar bilen topragy iýmitlendirmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanalarda pomidorlaryň “çerri”, “rugantino”, “fulton”, “marmelans”, “altes”, “merlis”, “huanita”, “tommimaro muço” ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmenistanda ýyladyşhana gök önümlerini, şol sanda pomidorlary ösdürip ýetişdirmek üçin 712 gektar meýdan bölünip berildi.

Maglumatlara görä, diňe şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen pomidorlarynyň 5 müň tonnasy Russiýa eksport edildi.

2022