Aşgabatda ITTC 2023 atly halkara maslahat we sergi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ITTC 2023 atly halkara maslahat we sergi geçiriler
Maslahatyň çäginde “Ulag we logistika” halkara ýöriteleşdirilen sergi hem gurnalar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 3-4-nji maýda “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC-2023) atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Bu barada “News Central Asia” habarlar gullugy duşenbe güni mälim etdi.

Maslahatyň dowamynda pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag pudagynda täze hakykatlara uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek ýaly meseleler hem-de awtoulag ýollary, halkara deňiz portlary, howa we demirýol menzilleri ýaly ulag toplumlarynda infrastruktura mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

ITTC 2023 halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Turkmen Forum” HJ bilen hyzmatdaşlygynda gurnalýar.

Her ýyl geçirilýän bu çäre milli ulag kärhanalaryň halkara aragatnaşyk pudagynda alyp barýan işlerini giňeltmek, türkmen döwlet edaralary bilen iri logistika institutlaryň, şeýle hem ulag we logistika ulgamlary boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.

Maslahatlaşyljak mowzuklar:

  • Ulag we logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikeldilişi: täze meseleler we mümkinçilikler;
  • Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlaşdyrmak: geljege garaýyş;
  • Durnukly ulag ulgamynyň daşky gurşaw taraplary. Ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny;
  • Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösdürilmeginde ylymyň we bilimiň orny.

ITTC 2023 halkara maslahatynyň gün tertibi boýunça maslahat we sergi bilen bir hatarda Ähtnama we şertnamalara gol çekmek dabarasy, seminarlar, şeýle hem iki sany tegelek stol geçiriler. Bu ýerde içerki we daşary ýurtly hünärmenler ulag we logistika pudagynda häzirki zaman tehnologiki çözgütleri hödürlärler, şeýle hem Aşgabat halkara howa menziline, Türkmenawtobana, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp görerler.

Maslahata türkmen hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Bu çärä gatnaşyjylaryň hataryna “Vitol”, “Meno Logistics”, “Boeing”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Car Deluxe” ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri, Halkara howa ulagy assosiasiýasy (IATA), Halkara gämi palatasy (ICS), Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) we USAID Merkezi Aziýa guramasy girýär.

Maslahatyň çäginde “Ulag we logistika” halkara ýöriteleşdirilen sergi hem gurnalar.

Bu sergä ulag we logistika kompaniýalary, ulag öndürijiler we dilerler, logistika merkezlerini enjamlaşdyrmak üçin enjamlar bilen üpjün edijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, GDA we uzak ýurtlaryň deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň we demir ýollarynyň administrasiýalary gatnaşarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022