Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) ulag pudagyndaky maslahaty şu ýyl Türkmenistanda geçiriler. Bu barada Ýewropa ykdysady Komissiýasyna salgylanyp, “Trend” agentligi anna güni habar berdi.
UNECE-niň Ulag boýunça iş topary 2023-nji ýylda halkara gümrük tranzitiniň elektron ulgamyna bagyşlanan çäre bilen bilelikde UNECE-niň maslahatyny Türkmenistanda geçirmegi meýilleşdirýär.
Türkmenistan ulaglarda tebigy gazyň ulanylyşyny giňeltmek arkaly UNECE-e agza döwletleriň ulag pudagyny uglerodsyzlaşdyrmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça taslama girýär.
Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň maksady ulag pudagynda tebigy gazyň paýyny netijeli ýokarlandyrjak teklipleri we syýasy görkezmeleri işläp düzmekden we ýaýratmakdan ybaratdyr. Bu bolsa ulag pudagynda uglerod zyňyndylaryny ep-esli azaldar.
Ýewropanyň ykdysady komissiýasy 1947-nji ýylda BMG-niň Ykdysady-durmuş geňeşi tarapyndan döredilip, onuň agzalygyna 56 döwlet girýär. Onuň baş wezipesi Ýewropanyň ykdysady integrasiýasyna ýardam bermek bolup durýar.