Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ykdysadyýetiň energetika, ulag we kommunikasiýalar, maýa goýumlar, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda we beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleýändiklerini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny aýtdy we Türkiýäniň Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara işewür toparlarynyň biziň ýurdumyza barha artýan gyzyklanmalaryny şertlendirýändigini belläp, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen iri taslamalara gatnaşmagyň türk işewürleri üçin uly hormatdygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini, şeýle-de Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni-ynsanperwer, şeýle hem parlamentara gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022