Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Begşaha” hususy kärhanasynda zenanlar üçin niýetlenen ştapel polotnosynyň aýda 150 müň metri dokalýar. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Begşaha” kärhanasynyň nah we wiskoza garyndyly matalaryň utgaşygyndan taýýarlaýan bu görnüşli matalary Türkmenistanyň howa şertlerinde geýmek üçin amatlydyr.
Kärhanada Italiýanyň, Türkiýäniň we Hytaýyň öňdebaryjy dokma tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda ýüzlerçe hünärmen zähmet çekýär. “Begşaha” hususy kärhanasynda öňdebaryjy dokma tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy işleri awtomatik usulda ýola goýmaga we ştapel polotnolaryny dürli görnüşde öndürmäge mümkinçilik berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň degişli hünärmenleri bu matalaryň dürli güller we reňkler bilen bezelen täze dizaýnlaryny taýýarlap, olary önümçilige goşýarlar.