Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň TDG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga ygrarlydygyny tassyklady

Biznes Türkmenistan
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň TDG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga ygrarlydygyny tassyklady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň dowamynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemegi teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) adatdan daşary sammitiniň dowamynda Türkmenistanyň ýakyn wagtda TDG-nyň doly hukukly agzasy boljakdygyna umyt bildirdi. Bu barada Türkiýäniň “Anadolu” agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kanunçylygyň kämilleşdirilen ýagdaýynda Türkmenistanyň bu guramanyň hataryna goşulyp biljekdigini aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynda ýerleşýän Merw şäherini 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda Türkiýede bolup geçen ýertitremeler barada aýdyp, Türki dünýäsiniň agzybirliginiň möhümdigini belledi. “Biz kyn günümizde birek-birege goldaw bermelidiris, şeýle günde ýakyn bolmalydyrys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG agza ýurtlaryň seýsmiki taýdan işjeň sebitlerde ýerleşýändigini aýdyp, Türki dünýäsiniň ýurtlarynda seýsmiki gözegçiligiň düýbüni tutmagy teklip etdi.

Şeýe-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemegi teklip etdi.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri TDG agza döwletleriň arasynda energiýa çeşmeleri üpjün etmek boýunça ýagdaýy ýokarlandyrmagy hödürledi.

Ankarada geçirilen TDG-nyň adatdan daşary sammitine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Demirgazyk Kipriň Prezidenti Ersin Tatar we TDG-nyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdylar.

2022