Mary welaýat häkimligi inženerçilik ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin kärhanalary işe çagyrýar

Mary welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda, welaýatyň çäginde inženerçilik ulgamlarynyň(agyz, lagym suw geçiriji, elektrik geçiriji we awtomobil ýollary) gurmak we durkuny täzelemek işlerini, şeýle hem Mary şäheriniň 1-nji göteriji suw sorujy bekedinden 3-nji suw sorujy arassalaýjy desgasyndan Mary şäherine çenli suw göterijileriniň durkuny täzelemek (II tapgyr) işlerini ýerine ýetirmek üçin edara-kärhanalary we hususy kärhanalary işe çagyrýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär. Biziň salgysy: Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 6-00-34

+993 (522)  6-06-21

Faks:

+993 (522) 6-33-60

Bulary hem okaň
2022