Türkmen banky gatnaşyksyz töleg kartlaryny ulanyşa goýberdi

BT
Türkmen banky gatnaşyksyz töleg kartlaryny ulanyşa goýberdi
“Rysgal” bankynda işe giriziljek ulgamyň aýratynlygy onuň kömegi bilen Türkmenistanda ilkinji gezek gatnaşyksyz tölegiň tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygyndan ybaratdyr.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky gatnaşyksyz tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik döretjek “MasterCard Maestro” plastik kartyny ulanyjylara hödürleýär. Kartyň eýesiniň zähmet hakyny milli pulda geçirmek göz öňünde tutulýan bu kart 50 manat möçberdäki çäkde gatnaşyksyz tölegi geçirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň banklary tarapyndan “MasterCard” plastik kartlar arkaly amallar eýýäm köpden bäri geçirilýär. “Rysgal” bankynda işe giriziljek ulgamyň aýratynlygy onuň kömegi bilen Türkmenistanda ilkinji gezek gatnaşyksyz tölegiň tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygyndan ybaratdyr.

Şeýle kartlaryň artykmaçlygy olary ulanmagyň amatlylygy, ýerine ýetirilýän amallaryň tizligi we howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň eýeleri bir basyş arkaly PIN–kody girizmezden, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda harytlar we hyzmatlar üçin dessine tölegleri amala aşyryp bilerler. Munuň üçin gatnaşyksyz tehnologiýalary kabul etmäge ukyply ýörite töleg terminallary zerur bolup durýar.

“MasterCard” plastik kartlarynyň binýadynda “Loýallyk maksatnamasy” ornaşdyrylar. Onda Türkmenistan boýunça supermarketler we dükanlar ulgamynda satyn alnan harytlar üçin sowgatlary toplamak göz öňünde tutulýar.

“MasterCard Standard” — bank karty bolmak bilen, onuň üstüni diňe daşary ýurt pulunda doldurmak göz öňünde tutulýar. Müşderilere amatly we özüneçekiji hem-de banklar üçin ykdysady taýdan maksada laýyk bolmagy üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bankomatlarynda nagt pullary bir gezek almagyň amatly möçberini bellemek hem-de nagt däl hasaplaşyklary, internet-tölegleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

“MasterCard Gold” — bank karty bolmak bilen, onuň üstüni hem diňe daşary ýurt pulunda doldurmak göz öňünde tutulýar. Ýöne, ol “MasterCard Standard” kartyndan aýda nagt pullary almagyň we nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň has ýokary çägi bilen tapawutlanýar. Onuň eýesine geljekde hyzmatlaryň aýratyn görnüşleriniň elýeterli bolmagy bu kartyň goşmaça artykmaçlygy bolup durýar.

Mysal üçin, özüne saparlary we dünýä boýunça gezelençleri guramagy, myhmanhanalary seçip almagy we öňünden sargyt etmegi, petekleri satyn almagy birleşdirýän “Konserž-serwis”, tutuş dünýä boýunça howa menzillerinde, myhmanhanalarda, garbanyşhanalarda, restoranlarda we dynç alyş ýerlerinde, hatda uçaryň üstünde we beýleki ýerlerde simsiz internete çäksiz elýeterliligi üpjün edýän “BoinGo Wi-Fi” hyzmatlary elýeterli bolar.

Öz nobatynda, “MasterCard Platinum” — “premium derejesindäki” plastik kartdyr. Ol diňe daşary ýurt pulunda üstüniň ýetirilmegini göz öňünde tutýar. Bu kartyň eýeleri nagt pullary almak hem-de nagt däl hasaplaşyklar boýunça amallary çäksiz geçirmek mümkinçiligine eýe bolarlar.

Häzirki wagtda “MasterCard” plastik kartlarynyň ähli görnüşlerine tapgyrlaýyn Internet-banking hyzmatlaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulgam şahsy kompýuterleriň kömegi bilen, tranzaksiýalary geçirmäge, bankomada ýa-da terminala barmazdan tölegleriň ählisi barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. SMS-habar bermek, bankyň Call-merkezine gije-gündiziň dowamynda elýeterlilik hyzmatlaryny we beýlekileri üpjün edýär.

Başgaça aýdylanda, müşderi öz hasabynda duran, bank töleg karty resmileşdirilen pul serişdelerini öýünden, edarasyndan çykman ýa-da dünýäniň islendik nokadyndaky şypahanada dynç almak bilen, hepdäniň ýedi gününde, gije-gündiziň 24 sagadynda dolandyryp biler.

Türkmenistanlylar eýýäm elektron “gapjyklarynyň” we nagt däl hasaplaşyklaryň artykmaçlyklaryna doly derejede baha bermäge ýetişdiler. Çünki, ulanyjylar - kartyň eýeleri üçin amatlyklardan başga-da, elektron maliýe hyzmatlary pul geçirimleriniň bahasyny peseldýär we olaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.

Halkara plastik kartlary daşary ýurtlara sapara gidýän hünärmenler, şeýle hem daşary ýurtlara dynç almaga gidýän adamlar üçin amatlydyr. Karta pul serişdeleriniň haýsy walýutada goýlandygyna garamazdan, hyzmatlary we harytlary tölemek üçin olary şol ýurduň pulunda alynýar.

Konwertasiýa amaly öz-özünden töleg ulgamynyň ýeňillikli kursy boýunça amala aşyrylar. Kart ýitirilen mahalynda, ony ýapyp bolýar we soňra kartyň täzesini alyp bolýar. Şunda pullar hasapda bankyň goramagynda galýar.

Bulary hem okaň