Dokma senagaty ministrligi “Çeper eller” atly bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi “Türkmenistan - rowaçlygyň Watany”ýylynda Senagat işgärleriniň güni mynasybetli, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 16-syna “Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly geçiriljek dokma önümleriniň halkara sergisiniň çäginde häzirki zaman egin-eşikleri döretmek boýunça zehinli dizaýnerleriň arasynda “Çeper eller” atly BÄSLEŞIK yglan edýär.
Bäsleşige dürli ýaşly adamlar gatnaşyp biler. Bäsleşik esasan, 3 görnüş boýunça geçirilýär:
- gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy;
- baýramçylyk lybaslarynyň kolleksiýasy;
- sport egin-eşikleri.
Ýeňijiler sowgatlar bilen sylaglanarlar. Baş baýraga mynasyp bolan ýeňiji “Ýylyň dizaýneri” ady bilen bellener.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2019-njy ýylyň 12-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Elektron salgysy: TmTextile@mail.ru; Tikinbolum@mail.ru;
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-70-71; 40-70-68; 40-70-69; 40-71-76.