23.10.2019
15.11.2019

Dokma senagaty ministrligi spanbond önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabat şäherindäki panbarhat fabriginde polipropilenden spanbond - dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça öň yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Gyzyklanma bildirip, gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
  • bäsleşigi geçirmekligiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • polipropilenden spanbond — dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibi düzüp tabşyrmaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 15-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-71-77, 40-71-57.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022