20.11.2019
26.12.2019

Lebap welaýat häkimligi attraksion enjamlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Lebap welaýat häkimligi welaýatyň Farap etrabynyň Farap şäherinde guruljak “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkezi üçin daşary ýurtlardan attraksion enjamlaryny satyn almak boýunça HALKARA BÄSLEŞIGI yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin edaranyň doly salgysy, hasaplaşyk hasabatlary, ýazmaça ýüztutmasy zerur;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin töleg ABŞ-nyň 150 dollarynda ýa-da manat möçberinde tölenilýär (töleg yzyna gaýtarylmaýar);
  • gurluşygyň taslama resminamalary bilen tanyşmak.

Bäsleşik teklipleri bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Bäsleşige hödürlenýän resminamalar welaýat häkimligine iberilip bilner.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 422) 2-03-90, faks 2-00-38.

Türkmenistan, Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Bitarap Türkmenistan köçesi 102
Bulary hem okaň
2022