06.02.2020
19.03.2020

“Türkmenhimiýa” natriý sulfat öndürýän zawodyň gurluşygy boýunça tender edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda üpjün edijileri kesgitleýän toparyň adyndan Balkan welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 60 000 tonna bolan natriý sulfat öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek we dolulygyna gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  •  GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary ýa-da şol barabarlykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul birligi boýunça manatda (Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-02, 39-01-58; 39-01-55, faks: 39-01-72.

Elektron salgysy: turkmendokun@mail.ru;

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022