20.08.2020
11.09.2020

BMGÖM-iň Türkmenistandaky edarasy onlaýn okuwlary gurnamak we geçirmek boýunça tender yglan edýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky edarasy, BMG-niň bilelikdäki “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” maksatnamasynyň çäginde, milli tälimçiler üçin okuw maksatnamalaryny işläp düzmek we onlaýn okuwlary geçirmek bilen baglanyşykly hyzmatlar boýunça tekliplerini hödürlemäge çagyrýar.

Bäsleşik prosesi BMGÖM-iň onlaýn söwda ulgamy arkaly amala aşyrylar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän dalaşgärler ulgamda bellige alnan bolmaly.

UNDP ATLAS elektron söwda ulgamy arkaly dalaşgärleri hasaba almak we teklipleri tabşyrmak üçin görkezmeler “Söwda gatnaşyjylar üçin görkezmeler” gollanmasynda we wideolar arkaly ädim-ädim görkezilendir.

Zoom arkaly onlaýn deslapky konferensiýa 2020-nji ýylyň 26-njy awgustynda ýerli wagt bilen sagat 15.00-da aşakdaky ssylkada geçiriler: https://undp.zoom.us/s/99924370448.

Ähli gyzynlanma bildirýän dalaşgärler öz tekliplerini 24-nji awgustda ýerli wagt bilen 18.00 çenli görkezilen salga ugratmaly.

Elektron salgysy: kira.satarova@undp.org;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 21
Bulary hem okaň
2022