Gurbanguly Berdimuhamedow BMG üçin yslam başlangyjyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG üçin yslam başlangyjyny işläp taýýarlamagy teklip etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň ýyllyk mejlisine gatnaşýar, 2024-nji ýylyň 16-njy maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: Tatar Inform)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Kazanda geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň ýyllyk mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürülmegi meýilleşdirilýän “Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny” işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdi.

“Şu forumda “Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny” işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Bu başlangyjy çemeleşmeleriň we teklipleriň ylalaşykly toplumy, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we adalatlylygyň dini bolan Yslam dininiň ýörelgeleri esasyndaky we dünýä halklaryna ýüzlenýän özboluşly “ýol kartasy” hökmünde görýärin. Bu teklibi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, beýleki gyzyklanma bildirýän halkara düzümleri bilen ara alyp maslahatlaşmak, onuň üstünde bilelikde işlemek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň biriniň resminamasy hökmünde öňe sürmek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň Russiýanyň Yslam dünýäsi bilen gatnaşyklaryny, hem-de türkmen-tatar gatnaşyklaryny berkitmekde goşan uly goşandyny belläp geçdi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi metbugaty gullugy habar berdi.

“Rustam Minnihanowyň syýasatçy we diplomat hökmünde amala aşyran işleriniň netijesinde köp döwletleriň ýolbaşçylary bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak, açyklyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etdi. Bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny görýäris” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa we Yslam ýurtlarynyň birek-birege wehim salmazdan hormatly, deň garaýyşly hem-de hyzmatdaşlaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutmak arkaly döwletler bilen halklaryň arasynda gatnaşyklary nähili gurmagyň nusgasyny görkezýändiklerini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde “Russia Halal Expo” sergisine hem gatnaşdy.

2022