15.11.2020
15.12.2020

Statistika baradaky döwlet komiteti emblema ýasamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde “2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna bagyşlanan iň gowy nyşan (emblema) we iň gowy şygar” atly BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige fiziki şahslar (Türkmenistanyň raýatlary we ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan beýleki adamlar), şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bellige alnan, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli ýuridik şahslar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň çäginde atlary agzalan görnüşleriň her biri üçin pul sylagy bellenilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Ilat ýazuwy – 2022” diýen temany görkezmek bilen, elektron poçta arkaly ýa-da adaty poçtanyň üsti bilen arzalar 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 15-nji dekabryna çenli aşakdaky salgylar boýunça kabul edilýär.

Bellik: bäsleşige iberilen materiallar yzyna gaýtarylmaga we olar üçin töleg geçirilmäge degişli däldir.

Elektron salgysy: turkmenstat@online.tm;

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-27-62, 39-27-53, 39-27-90, 39-27-74.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 100
Bulary hem okaň
2022