17.11.2020
23.12.2020

Gurluşyk we binagärlik ministrligi taslamasyny düzmek we gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2020-nji ýylyň 23-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-36, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022