16.05.2024
19.06.2024
“Hazar” HJ enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär
TDHÇMB
26.12.2020
08.02.2021
“Türkmenhimiýa” ammiak selitrasyny satyn almak boýunça tender yglan edýär
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda üpjün edijileri kesgitleýän toparyň adyndan aşakdaky loty satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:
Lot № 6 – Ammiak selitrasy.
Lot № 6 – Fosfat dökünleri.
Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- "Türkmenhimiýa DK-ni material-tehniki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça halkara tenderleriniň geçiriliş düzgünleri" bilen tanyş bolmaly;
- Lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
- her bir lot üçin 200 (iki ýüz) amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Tender teklipleri her gün ýerli wagt bilen 9.00-17.00 aralygynda kabul edilýär.
Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 10.00 çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-01-83, 39-01-71, 39-01-82, 39-01-14.
Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň