02.03.2021
05.03.2021

Balkan welaýat häkimligi potratçyny seçip almak boýunça tender yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi aşakdaky lot boýunça potratçyny seçip almak üçin halkara bäsleşik yglan edýär:

Lot №1 – Esenguly etrabynyň Esenguly şäherinde döwrebap “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 5-nji martyna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (800222) 20033, 20025.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 14
Bulary hem okaň