Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
TDHÇMB
02.03.2021
05.03.2021
Balkan welaýat häkimligi potratçyny seçip almak boýunça tender yglan edýär
Balkan welaýat häkimligi aşakdaky lot boýunça potratçyny seçip almak üçin halkara bäsleşik yglan edýär:
Lot №1 – Esenguly etrabynyň Esenguly şäherinde döwrebap “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
- soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
- edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 5-nji martyna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (800222) 20033, 20025.
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 14
Bulary hem okaň