15.03.2021
20.03.2021

Daşoguz welaýat häkimligi gipohlorit natriý erginini satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýatynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen yzygiderli üpjün etmek maksady bilen, Daşoguz welaýat häkimligi “Daşoguz welaýat agyz suw” birleşiginiň “Daşoguz şäher agyz suw” müdirliginiň Daşoguz şäherindäki  Agyz suwy zawodyna zerur bolan gipohlorit natriý erginini satyn almak ugrunda potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen,bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 20-nji martynda, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýat. Daşoguz şäheri
Bulary hem okaň
2022