20.07.2021
18.08.2021

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça

BÄSLEŞIK yglan edýär

Lot № 35 — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň saglygy goraýyş edaralary üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini hem-de lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Lot № 36 — Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Parahat geňeşliginiň çäginde gurulýan oba saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

40-04-79

Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС