25.12.2021
28.01.2022

“Türkmenhimiýa” DK abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda üpjün edijileri kesgitleýän toparyň adyndan Ahal welaýatyndaky “Tejenkarbamid” zawodynda abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça halkara tender yglan edýär

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça (Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-01-62

+993 12 39-01-58

Faks:

39-01-72

Elektron salgysy:

th.gurlushyk@online.tm

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022