31.12.2021
10.01.2022

Daşoguz welaýat häkimligi medeniýet öýüniň binasyny gurmak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi «Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, etrapda gurulýan täze, döwrebap şäherçede gurulmaly 200 orunlyk medeniýet öýüniň binasynyň gurluşygy üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna, sagat 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

9-03-02

9-40-33

Faks:

9-03-14

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş
Bulary hem okaň
2022