06.06.2022
15.07.2022

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýaşaýyş jaýlary gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin Daşoguz şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 32 öýli 4 sany hem-de 4 gatly, 24 öýli 8 sany ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2022-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-46-77

Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022