19.07.2022
06.08.2022

Gökdepe etrap alyjylar jemgyýeti bazaryň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan edýär

Gökdepe etrap alyjylar jemgyýetiniň önümçilik-söwda birleşiginiň müdiriýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň A.Annanyýazow köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän “Ak bazarynyň” durkuny täzelemek we enjamlaşdyrmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige degişli işleri amala aşyrmaga ygtyýarnamasy (Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa) bolan we Türkmenistanda bellige alnan döwlet eýeçiligine degişli däl kärhanalar, guramalar we telekeçiler gatnaşyp bilerler.

Eger önüm (hyzmatlar, işler) ýurduň çäginde öndürilen (ýerine ýetirilen) bolsa, bäsleşige gatnaşmazdan ozal harydyň nyrhnamasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde seredilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň ýanyndaky bäsleşik toparyndan alyp bilersiňiz.

Töleg hasaplaşygy işler we hyzmatlar ýerine ýetirilenden soň geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 30-na çenli kabul edilýär.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 6-nji awgustynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(800132) 7-27-69

(+99365) 10-89-59

(+99365) 05-87-77

Türkmenistan, Gökdepe ş.,A. Annanyýazow köçesi, jaý 1
Bulary hem okaň
2022