24.12.2022
02.01.2023

"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy tender yglan edýär

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy “Ýaşaýyş üçin suw” taslamasyny durmuşa geçirmek üçin inženerçilik, üpjünçilik, gurluşyk-gurnama we işe girizmek hyzmatlaryny bermek boýunça №РСТSB/SO/0722/152 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender.tkm12@petronas.com.my

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81
Bulary hem okaň
2022