Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Täze desga Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda sebitiň ýaşaýjylaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taslama desgalary döwrebaplaşdyrmaga we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirildi. Türkmenistanda Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenen ilatyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilýär.
Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özňi dolandyryş edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, hormatly ýaşulular we sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Dabara gatnaşyjylar ilatyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi we döredilýän häzirki zaman ýaşaýyş şertleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dünýäniň önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan suw arassalaýjy desga 8 gektar çäkde ýerleşýär. Toplumyň çäginde edara ediş we suw arassalaýjy binalar, süzüji howuzlar we beýleki desgalar bar. Döwrebap enjamlar ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.
2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Şol welaýatyň Ak bugdaý etrabynda bolsa önümçilik kuwwaty gije-gündizde 15 müň kub metr lagym suwlaryny arassalamaga niýetlenen desga ulanylmaga berildi.