Russiýa bilen Pakistan Türkmenistanyň üsti arkaly demirýol ýük gatnawyna başlamakçy

BT
Russiýa bilen Pakistan Türkmenistanyň üsti arkaly demirýol ýük gatnawyna başlamakçy
“RŽD Logistika” Dostyk serhet geçiriş zolagy arkaly Malaşewiçden uhana barýar, 2020-nji ýylyň dekabry (Surat: “RŽD Logistika”)

Russiýa bilen Pakistan 2025-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň üsti arkaly ýük daşamalary üçin özleriniň ilkinji göni demirýol gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler. Bu ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir diýip, Pakistanyň energetika ministri Aweýs Legari belledi. 

“TASS” agentligine beren interwýusynda A.Legari Russiýadan ilkinji ýük otlusynyň mart aýynyň ahyrlaryna çenli ugradylmalydygyny aýtdy. Daşamak hyzmaty Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň Gündogar şahasy arkaly ýerine ýetirilip, Owganystanyň çägine girmän, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden geçiriler. 

Bu rus resmileriniň 10-njy dekabrda ilkibaşda synag esasynda işlejek demirýol gatnawlaryna taýýarlyk görlüşine bagyşlanyp geçirilen brifingden soň mälim edildi. Mundan öň, dekabr aýynda ýük binýadyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. 

“Russiýa demirýollary Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Oleg Poleýew täze geçelgäniň üstaşyr geçirmäge sarp edilýän wagty ep-esli azaltjakdygyny we iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberlerini artdyrjakdygyny belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022