Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
TDHÇMB
16.02.2023
01.03.2023
Mary welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär
Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirligi şu aşakdaky binalary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär:
- Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Ýalkym obasynda 500 orunlyk orta mekdebi gurmak;
- Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk täze çagalar bagyny gurmak;
- Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň ugrunda 500 orunlyk täze orta mekdebi gurmak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden aşakdaky maglumatlar talap edilýär:
- gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
- soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
- edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-ine çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 (522) 6-00-34
+993 (522) 6-77-13
Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary ş., Türkmenabat köçesi 12
Bulary hem okaň